Hatibzadeh: Kiýewde galan çäkli Eýranlylar howpsuz ýerlere geçirildi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Kiýewde galan azsanly Eýranlylaryň howpsuz ýerlere göçürilendigi aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şenbe güni agşam telewideniýede beren interwýusynda Eýranlylaryň Ukrainadaky ýagdaýy barada şeýle diýdi: Şu wagta çenli hiç hili kynçylyk habar berilmedi we Ukrainadaky howpsuzlyk ýagdaýy (harby kanun) sebäpli ähli Eýranlylary ýurtdan çykarmak mümkin däl diýdi.
Hatibzadeh şeýle-de Ukrainanyň ýörite ýagdaýna yşarat edip ilkinji etapda okuwçylary we Eýranlylary howply şäherlerden uzaklaşdyrmak üçin tagalla edildi diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ikinji etaby Eýranlylaryň Ukrainanyň günbatar serhetlerine geçirilmegi diýip häsiýetlendirmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasy demirýol we beýleki ugurlar boýunça ýaşaýan talyplary we Eýranlylary ewakuasiýa etmäge synanyşdy we ol ýerde ýaşaýan okuwçylara we Eýranlylara maşynlar we enjamlar göz öňune tutuldy diýdi.
Hatibzadeh şeýle-de Eýranyň Kiýewdäki ilçihanasynyň utgaşdyrylmagy bilen 200-den gowrak Eýranly okuwçyň otly bilen Ukrainanyň günbatar serhetlerine iberilendigini aýtdy.