Eýranda korona keselinden 241 adam öldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15802-eýranda_korona_keselinden_241_adam_öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 241 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2022-02-27T08:16:20+00:00 )
Feb 27, 2022 13:16 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona keselinden 241 adam öldi

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 241 adamyň ölendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 241 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 136,631-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 9 müň 524 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 7,040,467 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 634 müň 126 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Şu wagta çenli Eýranda 47 million 168 müň 989 Kowid 19 anyklaýyş synagy geçirildi.

Koronawirus epidemiýasy şu wagta çenli dünýäde takmynan alty million adamyň ölmegine sebäp boldy.

Korona şu wagta çenli alfa, beta, gamma we delta ýaly dört sany howply genetiki mutasiýa bolup geçdi we Amicron bu wirusyň iň soňky üýtgedilen görnüşidir.

Kowid 19 diýlip atlandyrylýan korona wirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.