Eýran Mejlisiniň Milli howpsuzlyk komitetiniň metbugat sekretary: Ukrainadaky krizis gepleşikler arkaly çözülmeli
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15804-eýran_mejlisiniň_milli_howpsuzlyk_komitetiniň_metbugat_sekretary_ukrainadaky_krizis_gepleşikler_arkaly_çözülmeli
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat sekretary: Ukrainadaky söweş gepleşikler arkaly çözülmeli diýdi.
(last modified 2022-02-27T08:40:08+00:00 )
Feb 27, 2022 13:40 Asia/Ashgabat

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat sekretary: Ukrainadaky söweş gepleşikler arkaly çözülmeli diýdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlylyk barada uzak wagtlap dowam eden çaklamalardan soň, 24-nji fewralda rus goşunlary Ukrainanyň çägindäki harby operasiýalaryna başladylar we şu wagta çenli bu ýurduň dürli künjeklerinde öňe gitdiler.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Günbataryň Moskwanyň howpsuzlyk aladalaryna biperwaý garamagyny tankytlap, Donbasda Donetsk bilen Luhanskyň garaşsyzlygyny ykrar edýändigini aýtdy.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň metbugat sekretary Mahmud Abbaszadeh Meşkini, şu gün Yslam şura mejlisiniň açyk ýygnagynyň EýranPress habarlar gullugyna beren interwýusynda şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy raýatlaryň, aýallaryň we çagalaryň hukuklaryna üns berýär we Ukrainadaky söweşi ýakyndan yzarlaýar diýdi.

Abbaszadeh Meşkini Russiýanyň Ukraina hüjümini, tertipnamany bozup, territoriýasyny giňelden NATO hereketine reaksiýa diýip atlandyrdy.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat sekretary şeýle-de günbatarlylaryň NATO-nyň gündogara ýaýramagyny öňüni alyş hökmünde görkezýändigini we muny beýlekiler hakda bolsa söweş diýip atlandyrýandygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýa we Ukraina baradaky pozisiýasy aýdyňdyr diýdi.