Hatibzadeh: Ukraina krizisiniň Wena gepleşiklerine täsiri ýok
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15820-hatibzadeh_ukraina_krizisiniň_wena_gepleşiklerine_täsiri_ýok
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky harby gapma-garşylygyň Wena gepleşiklerine hiç hili diplomatik täsiriniň ýokdugyny aýtdy.
(last modified 2022-02-28T06:05:24+00:00 )
Feb 28, 2022 11:05 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Ukraina krizisiniň Wena gepleşiklerine täsiri ýok

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky harby gapma-garşylygyň Wena gepleşiklerine hiç hili diplomatik täsiriniň ýokdugyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni metbugat ýygnagynda Diplomatiýa bilen tanyş islendik adam, dürli pikirleriň bolup biljekdigine garamazdan dürli zatlaryň öz ugrunda alnyp barylýandygyny bilýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh "Wenada bolup geçýän zatlar ähli taraplaryň bähbitlerini goramak baradaky umumy düşünje esaslanýar" -diýdi.

Hatibzadeh sözüniň dowamynda "Şu wagta çenli ähli tapawutlar bilen birlikde degişli netijelere ýetmek üçin Wenadaky gepleşikleriň hemmesi professional we hormat esasynda gcirildi diýdi."