Şamhani: Waşingtonyň gijä galmagy sebäpli Wena şertnamasynyň geljegi näbellidir
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Wena gepleşiklerinde ylalaşygyň geljeginiň Waşingtonyň gijä galmagy sebäpli gümürtikli we näbellididini aýtdy.
Wenadaky Koburg myhmanhanasynda Eýran bilen 4 + 1 (Germaniýa, Fransiýa, Angliýa, Russiýa we Hytaý) bilen Ýewropa Bileleşiginiň koordinatorynyň arasynda Wena gepleşikleriniň sekizinji tapgyrynyň çäginde maslahatlar geçirilýär.
Bu gepleşikler, Eýranyň gepleşik toparynyň başlangyjy sebäpli ösüşleri hem gazanandyr emma Günbataryň, esasanam Jo Baýdeniň administrasiýasynyň ABŞ-nyň öňki administrasiýasynyň bikanun hereketleriniň we iň ýokary basyş kampaniýasynyň öwezini dolmak barada gowşak durmagy, ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek we gepleşik etabyny uzaltmak meselesinde bu ýurduň çynlakaýlygyna şübhe döredendir.
Eýran Yslam Respublikasy jogapkär ýurt hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro şertnamasyny bozan bir tarapdygyny göz öňünde tutup, sanksiýalary ýatyryp we borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini barlamalydygyny birnäçe gezek aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Şamhani" şu gün (duşenbe) twit ýazyp Waşingtonyň syýasy karar bermekde gijä galmagy sebäpli Wena gepleşiklerinde ylalaşygyň geljegi näbelliligine galandyr diýdi.
Şamhani sözüniň dowamynda Eýranly gepleşik geçiriji toparynyň ileri tutulýan möhüm ugry gyzyl çyzykda galan meseleleri çözmekdir diýdi.
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary şeýle-de güýçli ylalaşyga çalt girişmek ähli taraplar tarapyndan täze başlangyçlaryň girizilmegini talap edýär diýip yglan etdi.