Bahadori Jahromi: Eýranyň resmileri urşa garşydyklaryny birnäçe gezek mälim etdiler
Eýran hökümetiniň metbugat sekretary "Eýran resmileri urşa garşydyklaryny birnäçe gezek mälim etdiler" -diýdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni (21-nji fewral) Günbatary Moskwanyň howpsuzlyk aladalaryna üns bermän tankytlady we Donbasda Donetsk bilen Luhanskyň garaşsyzlygyny ykrar edýändigini aýtdy.
Şeýle hem Putin penşenbe güni irden telewideniýede eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainany ýaragsyzlandyrmak üçin Donbasda "ýörite harby operasiýa" geçirýändigini we bu territoriýany basyp almak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.
25-nji fewral, penşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi bilen geçirilen söhbetdeşlikde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin halkara kanunlaryna we Russiýanyň borçnamalaryna laýyklykda Donbas respublikalarynyň ýaşaýjylaryny goramak üçin ýörite harby operasiýa başlamak karary bilen Ukrainadaky wakalar barada gürrüň berdi.
Eýranyň prezidenti hem öz gezeginde, Russiýanyň ABŞ we NATO-nyň durnuksyzlandyryjy hereketleri baradaky howpsuzlyk aladalaryny düşnükli hasaplady.
Eýranyň we Russiýanyň prezidentleri hem 19-njy ýanwarda Moskwadaky sammitiň netijelerinden soň dürli derejedäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek kararyna gelendiklerini tassykladylar.