Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15954-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 173 adamyň ölendigini habar berdi
(last modified 2022-03-09T07:35:21+00:00 )
Mar 09, 2022 12:35 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 173 adamyň ölendigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 173 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 138,433-ae ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 5 müň 8 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 7,107,167 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 754 müň 234 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Şu wagta çenli Eýranda 47,961,837 Kowid 19 anyklaýyş synagy geçirildi.

Koronawirus epidemiýasy şu wagta çenli dünýäde alty milliondan gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy.