Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti goňşulary bilen daşary söwda infrastrukturasynyň ösdürilmegine ünsi çekdi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti goňşulary bilen daşary söwda infrastrukturasynyň ösdürilmegine ünsi çekdi.
Şu gün (anna) Eýranyň prezidenti "Seýid Ybraýym Raisi" Mazandaran welaýatynyň Amirabad ýörite ykdysady zolagyna we gämi duralgasyna baryp görende goňşular bilen daşary söwda infrastrukturasyny ösdürmek üçin maýa goýumlarynyň ileri tutulýan ugruna ünsi çekdi.
Eýranyň prezidenti, Amirabad ýörite ykdysady zolagynyň ähmiýetine we pozisiýasyna ünsi çekip, bu portuň önümçilik we eksport kuwwatynyň ösmegine üns bermelidigini aýtdy.
Saparyň dowamynda Prezident portuň çäginde senagat we önümçilik zawodlaryny gurmagyň möhümdigine ünsi çekip Amirabad portunyň ösüş üçin köp mümkinçilikleri we ugurlary bar we bu mümkinçilikler gijikdirilmeli däldir diýdi.
Raisi sözüniň dowamynda: senagat we önümçilik zawodlaryny ösdürmek we gurmak ýolunda Daşky gurşaw guramasyna daşky gurşaw meselelerine üns bermek bilen portuň ösüş ýoluny aňsatlaşdyrmagy zerurdyr diýdi.