Eýranyň daşary syýasatynda goňşular bilen dostlukly gatnaşyklaryň aýratyn ýeri
Eýranyň Daşary işler ministri Tähran-Bakuwyň diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri "Jeýhun Baýramowa" gutlaýan hatynda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda goňşy ýurtlar, esasanam musulman ýurtlary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryň aýratyn orny eýeleýändigini ýazdy.
Şenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahýanyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministr Jeýhun Baýramowa iberen hatynda Azerbaýjan respublikasy taryhy, medeni we dini gatnaşyklary sebäpli artykmaç orny eýeleýär we şoňa görä Eýran Yslam Respublikasy Azerbaýjan Respublikasynyň territorial bitewiligini elmydama goldaýar diýilip getirilýär.
Şeýle hem, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Bakuw bilen Tähranyň arasynda üç onýyllyk dowam eden diplomatik gatnaşyklar mynasybetli Amir Abdullahian-a ýazan hatynda: Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar taryhy taýdan dostluk we hoşniýetlilik bilen ýaşap, umumy ruhy gymmatlyklary paýlaşan halkymyzyň isleginden gelip çykýar we taryhy, medeni we dini umumylyklar gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýär diýip getirilendir.