Raisi: “Nur” emeli hemrasynyň üstünlikli uçurylmagy milli abraýyň beýanydyr
Mar 14, 2022 17:08 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýekşenbe güni agşam "Nur" emeli hemrasynyň üstünlikli uçurylyşyna ünsi çekip, eýranly alymlaryň kosmosda ýokary tehnologiýa eýe bolmak ugrundaky hereketini diýseň gymmatly we abraýly diýip atlandyrdy we şeýle diýdi: "Bu tehnologiýa ýetmek milli abraýyň görnüşleriniň biridir".
Eýranyň ikinji harby emeli hemrasy “Nur-2” geçen sişenbe güni Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň “Gased” hemrasy tarapyndan uçuryldy we ony 500 kilometrlik orbitada üstünlikli ýerleşdirdi.
“Noor-2” hemrasynyň uçurylmagy bilen, Eýran Yslam Respublikasy häzirki wagtda ýeriň golaýyndaky orbitada iki sany harby hemra eýeçilik edýär.