Amir Abdullahian: Russiýa Wenada gutarnykly ylalaşyk gazanmak üçin henizem Eýran bilen hemradyr
Mar 16, 2022 10:02 Asia/Ashgabat
"Russiýa Wenada Eýranyň ýadro meselesi barada gutarnykly ylalaşyga gelmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň ýanyndadygyny ýene bir gezek ynandyrdy diýip Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian sişenbe güni Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşmak üçin wekiliýetiň başynda Moskwa bardy we Daşary işler ministrliginde rus kärdeşi bilen duşuşdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Huseýin Amir-Abdollahian twitter hasabynda "Russiýanyň Daşary işler ministri bilen ikitaraplaýyn meseleler, Wena, Ukraina, Siriýa, Yemen we Owganystandaky gepleşikler barada konstruktiw duşuşyk geçirdim" -diýdi.