Amir Abdullahian: Uzak möhletli şertnama baglaşmak ABŞ-nyň hakyky çemeleşmesini talap edýär
Eýranyň Daşary işler ministri egerde ahli gyzyl çyzyklarymyz berjaý edilse, gutarnykly şertnama taýýardyrys diýmek bilen gowy we dowamly ylalaşygy kesgitläp biljek mesele, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hakyky özüni alyp barşy we täze we nädogry talaplaryndan elçekmegidir diýip nygtady.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian we Iňlisiň Daşary işler ministri Liz Terras ikitaraplaýyn gatnaşyklar we halkara özgerişler bilen baglanyşykly meseleler barada telefon arkaly gürleşdiler.
Bu telefon söhbetdeşliginde Amir Abdullahian Angliýanyň dört onýyllykdan gowrak bergisiniň yzyna gaýtarylmagyny Eýranyň beýik halkynyň hukugy hökmünde garşy aldy we ynamy berkitmek çäreleriniň gatnaşyklaryň ösmegine ýol açjakdygyna umyt bildirdi.
Ol şeýle-de ylalaşygyň ahyrky nokadyna öňküsinden has ýakynlanandygyna yşarat edip, ýöne oňat we dowamly ylalaşygy kesgitläp biljek zadyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hakyky özüni alyp barşy we täze we nädogry talaplaryndan elçekmegidir diýip aýtdy.
Amir Abdullahian sözüniň dowamynda ahli gyzyl çyzyklarymyz berjaý edilse, gutarnykly şertnama taýýardyrys diýdi.
Iňlisiň daşary işler ministri Liz Terras hem ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky täze özgerişlerden kanagatlanýandygyny aýtdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge çagyrdy.