Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16050-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 72 adamyň ölendigini habar berdi
(last modified 2022-03-19T08:06:39+00:00 )
Mar 19, 2022 13:06 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 72 adamyň ölendigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 72 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 139,550-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 323 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 7,139,217 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 817 müň 172 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatda ýurtda 102,914 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 63 million 743 müň 44 adam birinji dozany, 56 million 522 müň 644 adam ikinji dozany we 25 million 669 müň 551 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 145 million 935 müň 239 doza ýetdi diýip yglan etdi.

Kowid 19 diýlip atlandyrylýan korona wirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.