Handouzi: Eýran Wena gepleşiklerinde islendik senariýa taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16052-handouzi_eýran_wena_gepleşiklerinde_islendik_senariýa_taýýardyr
Eýranyň Ykdysadyýet we maliýe ministri Wenadaky sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklere salgylanyp, Eýranyň bu gepleşiklerde islendik senariýa taýýardygyny aýtdy.
(last modified 2022-03-19T08:42:26+00:00 )
Mar 19, 2022 13:42 Asia/Ashgabat
  • Handouzi: Eýran Wena gepleşiklerinde islendik senariýa taýýardyr

Eýranyň Ykdysadyýet we maliýe ministri Wenadaky sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklere salgylanyp, Eýranyň bu gepleşiklerde islendik senariýa taýýardygyny aýtdy.

8-nji fewralda Wenada başlanan Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak baradaky sekizinji tapgyra 11-nji martdan bäri näçinji gezek arakesme berildi.

Eýranyň Ykdysadyýet we maliýe ministri Ehsan Handouzi, anna güni "Finanşal Taims" gazetinde neşir edilen makalasynda Wenadaky häzirki gepleşikler, esasanam bank we walýuta pudaklarynda Eýran üçin oňyn ykdysady netijeleri getirip biler, emma biz islendik senariýa taýýardyrs diýdi.

Handouzi şeýle-de Eýranyň 13-nji hökümetiniň geçen ýedi aýda sanksiýalara we walýutanyň üýtgemegine garamazdan ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berdi.