Ak tam Pekine Russiýa kömek etmegiň netijeleri barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16054-ak_tam_pekine_russiýa_kömek_etmegiň_netijeleri_barada_duýduryş_berdi
Ak tam Pekiniň Moskwany goldamagynyň bolup biljek netijeleri barada duýduryş berdi.
(last modified 2022-03-19T09:01:36+00:00 )
Mar 19, 2022 14:01 Asia/Ashgabat
  • Ak tam Pekine Russiýa kömek etmegiň netijeleri barada duýduryş berdi

Ak tam Pekiniň Moskwany goldamagynyň bolup biljek netijeleri barada duýduryş berdi.

Amerika bilen Hytaýyň prezidentleriniň wirtual sammiti Russiýa-Ukraina söweşiniň möhüm döwürinde geçirildi.

ABŞ resmileriniň aýtmaklaryna görä, Hytaý Russiýa harby ýa-da maddy kömegi göz öňünde tutýar we Pekin bu kömege razy bolsa, bu ýurduň Günbatar bilen gatnaşyklary uzak wagtlap dartgynlaşar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bu gepleşikde, Si Szinpin üçin Ukraina bilen söweşde Russiýa harby ýa-da maliýe kömeginiň negatiw taraplaryny düşündirmegi umyt edýär.

IRNA-nyň habaryna görä, Ak tam bir beýannama boýunça ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdenyň anna güni Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen wirtual duşuşykda Pekiniň Moskwa maliýe goldawynyň netijelerini aýdandygyny yglan etdi.

Ak tamyň beýannamasynyň başga bir ýerinde iki prezidentiň açyk aragatnaşygy saklamaga razy bolandygy getirilýär.

Ak tam şeýle-de Amerikanyň we Hytaýyň prezidentleri öz toparlaryna öňümizdäki bu möhüm döwürde şu gepleşikleriň gazananlaryny yzarlamagy tabşyrandyrlar diýip habar berdi.