Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 73 adamyň ölendigini habar berdi
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 73 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 139,735-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 120 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 7,143,409 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 833 müň 351 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatda ýurtda 31 müň 536 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 63 million 769 müň 136 adam birinji dozany, 56 million 584 müň 66 adam ikinji dozany we 25 million 756 müň 150 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 146 million 109 müň 352 doza ýetdi diýip yglan etdi.