Amir Abdullahian: Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gyzyl çyzyklarymyzy kesmejekdigimizi aç-açan aýtdyk
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gyzyl çyzyklarymyzdan geçmejekdigimizi aç-açan aýtdyk diýdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian şu gün (çarşenbe) siriýaly kärdeşi Faýsal al-Makdad bilen Damaskda duşuşandan soň eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary realist bolsa, Wenadaky ýadro şertnamasy boýunça Bilelikdäki komissiýa agza Daşary işler ministrleriň gatnaşmagynda şertnamany ýakyn wagtda taýýarlamaga taýýardyrys diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Prezident Başar al-Assad, Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad we Siriýanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ali Mamluk bilen Damaskda gaty gowy we möhüm gepleşikleri geçirdik we iň soňky ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara özgerişleri ara alyp maslahatlaşdyk diýip beýan etdi.
"Amir Abdullahian" şeýle hem käbir arap ýurtlarynyň Siriýa bilen gatnaşyklary täzeden başlamaga synanyşýandyklaryna begenýäris we ony garşy alýarys diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri: Sebitdäki käbir meseleler, şol sanda Ýemendäki ýagdaýlar barada pikir alyşdyk we gumanitar gabawyň ýatyrylmagyny we ýaraşyk şertnamasynyň döredilmegini we ähli Ýemenlileriň gepleşik geçirmeklerini goldaýarys diýdi.
"Amir Abdullahian" şeýle hem Eýran bilen Siriýanyň arasynda syýahatçylygyň ösüşini dowam etdirmegi şu günki maslahatlarda iki tarapyň hem ylalaşan nokatlarynyň biri hasaplady.