Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 63 adamyň ölendigini habar berdi
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 63 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 139,865-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 345 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 7,145,877 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 842 müň 103 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Resmi maglumatlara görä, korona wirusy şu wagta çenli dünýäde 476 million 642 müňden gowrak adama ýokaşdy we 6 million 129 müňden gowrak adam kowid keseli sebäpli öldi.