Amir Abdullahian Liwanyň premýer-ministri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16118-amir_abdullahian_liwanyň_premýer_ministri_bilen_duşuşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Liwan resmileri bilen duşuşygyny dowam etdirdi we Liwanyň premýer-ministri Nejip Mikati bilen duşuşdy.
(last modified 2022-03-25T07:34:34+00:00 )
Mar 25, 2022 12:34 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian Liwanyň premýer-ministri bilen duşuşdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Liwan resmileri bilen duşuşygyny dowam etdirdi we Liwanyň premýer-ministri Nejip Mikati bilen duşuşdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, sebite gurnan saparlarynyň dowamynda Siriýadan soňra penşenbe güni Beýruda gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian Liwanyň premýer-ministri Nejip Mikati bilen duşuşdy.

Ondan öň Liwan mejlisiniň başlygy Nabih Berri we Liwanly kärdeşi Abdullah Bo Habib, şeýle hem Beýrutda ýerleşýän palestinaly toparlaryň ýolbaşçylary  bilen duşuşypdy.