Amir Abdullahian: Wena gepleşikleriniň netijelerine umytly garaýarys we çynlakaýdyrys
Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasy Wena gepleşikleriniň netijelerine umytly garaýar we şol bir wagtyň özünde-de çynlakaýdyr diýdi.
Liwanyň ýokary derejeli resmileri bilen maslahatlaşmagy dowam etdirýän Huseýn Amir Abdullahian penşenbe güni agşam Liwanyň premýer-ministri Nejip Mikati bilen duşuşdy.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, bu duşuşykda Amir Abdullahian Eýranyň bu ýurduň energiýa zerurlyklaryny, şol sanda elektrik we gaz pudagyny üpjün etmek üçin Liwan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtmak bilen bu ugurda Liwan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanýarys diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy Wenada sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde, hukuklaryna bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilmegini nygtamak bilen ýurduň halkynyň bähbitleriniň we hukuklarynyň bozulmazlygy bolýan gyzyl çyzyklardan geçmez diýdi.
Amir Abdullahian, Eýranyň Wena gepleşikleriniň netijelerine umytly garaýandygyny we şol bir wagtyň özünde-de çynlakaýdygyny aýtmak bilen biziň pikirimizçe, şertnama şeýle bolmaly, sanksiýalaryň ýatyrylmagy iň ýokary derejede amala aşyrylmalydyr. biz ylalaşyklaryň sebite peýdaly görnüşde bolmagyny we sebitiň ýurtlary bilen gowy gatnaşyklarymyzy giňeltmegini isleýäris.
Duşuşykda Liwanyň premýer-ministri Wena gepleşikleriniň şowly bolmagyna umyt bildirdi we sebite şol sanda Liwana oňyn täsirli bolmagyny aýtdy.
Nejip Mikati şeýle hem, sebitdäki dartgynlygy azaltmak üçin Eýranyň sebit diplomatiýasyna ýokary baha berdi.
Eýranyň Daşary işler ministri mundan ozal Liwanyň daşary işler ministri we parlamet başlygy bilen hem duşuşypdy.