Aýatolla Hatami: 1401-nji ýylda Amerika Eýrandan ýene bir masgaraçylykly ýeňilmegine garaşsyn
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16126-aýatolla_hatami_1401_nji_ýylda_amerika_eýrandan_ýene_bir_masgaraçylykly_ýeňilmegine_garaşsyn
Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy, iň ýokary basyş kampaniýasynyň şowsuz bolandygyny we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretarynyň bu masgaraçylykly ýeňlişini boýun alandygyny aýtmak bilen ABŞ 1401-nji ýylda hem Eýrandan ýene bir masgaraçylykly ýeňlişe garaşmalydyr diýdi.
(last modified 2022-03-25T09:04:21+00:00 )
Mar 25, 2022 14:04 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami: 1401-nji ýylda Amerika Eýrandan ýene bir masgaraçylykly ýeňilmegine garaşsyn

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy, iň ýokary basyş kampaniýasynyň şowsuz bolandygyny we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretarynyň bu masgaraçylykly ýeňlişini boýun alandygyny aýtmak bilen ABŞ 1401-nji ýylda hem Eýrandan ýene bir masgaraçylykly ýeňlişe garaşmalydyr diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy "Aýatolla Seýid Ahmad Hatami", Tähranyň şu hepde Ymam Homeýni (RA) niň namaz zalynda geçirilen juma namazynda täze ýylyň adyň tutulmagyna yşarat edip ýllary atlandyrmak däp we şygar däl-de, eýsem wezipeli resmiler we adamlar üçin ýol kartasydyr diýdi.

Aýatolla Hatami sözüniň dowamynda: Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri şu ýyly önümçiligiň, bilime esaslanmagyň we işiň döredilmeginiň ýyly diýip atlandyrdylar we bu önümçilige ylmy we tehnologiki garaýşymyzyň bolmalydygyny aňladýar, sebäbi şonda önümçilik çykdajylary azalýar we öndürijilik we önümiň hili ýokary bolar we bäsdeşlik edýär, şol bir wagtyň özünde çykdajy hem has azalýar diýip beýan etdi.

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy şeýle-de, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň on ýyla golaý wagt bäri ýyllara at dakmakda ykdysady meselelere üns beýändigine yşarat edip bular gaty möhüm meseleler we duşman şeýle ýoldan zarba urmak isleýär, ýöne yslamyň başynda ikiýüzlüleriň we duşmanlaryň tagallalary başa barmaşy ýaly, bu döwürde hem yslam düzgüni olaryň tagallalaryny puja çykarar diýip nygtady.