Amir Abdullahian: Özgerişleriň netijelerini tutuş sebitiň we Liwanyň bähbidine görýäris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16128
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Liwanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: Eýran sebitdäki wakalaryň netijelerini tutuş sebitiň we Liwanyň bähbidine hasaplaýar.
(last modified 2022-03-25T17:04:53+00:00 )
Mar 25, 2022 22:04 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Özgerişleriň netijelerini tutuş sebitiň we Liwanyň bähbidine görýäris

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Liwanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: Eýran sebitdäki wakalaryň netijelerini tutuş sebitiň we Liwanyň bähbidine hasaplaýar.

IRNA-nyň habaryna görä, şu gün (anna) Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian Liwanyň prezidenti Mişel Aoun bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegi, sebitdäki özgerişler we halkara şertler bilen baglanyşykly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşykda Amir Abdullahian Liwandaky wakalary ýakyndan yzarlaýarys we kyn günlerde we parahatçylyk döwründe bu ýurduň dosty we goldawçysydyrys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Liwandaky häzirki kyn ýagdaýda Liwan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Amir Abdullahian sebitdäki özgerişleriň ýokary tizligi barada durup geçdi: "Bu özgerişleriň netijelerini tutuş sebitiň we Liwanyň bähbidine görýäris şeýle hem, sebitiň geljegine we gepleşikleriň netijelerine umytly garaýarys diýdi.

Amir Abdullahian şeýle-de Eýran Siriýanyň sebit we arap ýurtlary bilen gatnaşyklaryny garşy alýar diýdi.

Duşuşyga Liwanyň prezidenti bu ýurduň ykdysady problemalary barada durup geçmek bilen: "Sebitdäki islendik mesele Liwana ýaramaz täsir edýär we Liwanda haýsydyr bir meseläniň ýüze çykmagy sebite ýaramaz täsir edýär diýdi.

Mişel Aoun sözüniň dowamynda Liwanyň Siriýaly bosgunlar meselesinden ejir çekýändigini aýtdy.

Liwanyň prezidenti, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan goldanýan Liwanyň çydamynyň bardygyny we ýurduň günortasynda ösendigini we ýurdy basyp alyşdan köşeşdirendigini aýdyp; Emma bu çydam topary üçin Liwana basyş edýändigini aýtdy.

Liwanyň prezidenti şeýle-de Wena gepleşikleriniň üstünlikli netijä ýetmegine umyt bildirdi.