Amir Abdullahian: Ykdysady potensialara garap, sanksiýalar zyýansyzlandyrylmaly
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16140-amir_abdullahian_ykdysady_potensialara_garap_sanksiýalar_zyýansyzlandyrylmaly
Eýranyň daşary işler ministri Wena gepleşiklerine garaşmaly däldigini aýtdy we ykdysady potensialara garap sanksiýalaryň zyýansyzlandyrylmalydygyny aýtdy.
(last modified 2022-03-27T03:06:44+00:00 )
Mar 27, 2022 08:06 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Ykdysady potensialara garap, sanksiýalar zyýansyzlandyrylmaly

Eýranyň daşary işler ministri Wena gepleşiklerine garaşmaly däldigini aýtdy we ykdysady potensialara garap sanksiýalaryň zyýansyzlandyrylmalydygyny aýtdy.

Awstriýanyň paýtagtynda 8-nji fewralda başlanan Wena gepleşikleriniň sekizinji tapgyry 11-nji martda ikinji gezek arakesmä girdi.

Şeýle hem Eýranyň daşary işler ministri gepleşikleriň soňky tapgyrynda ABŞ-nyň artykmaç islegleriniň esasy päsgelçilikdigini aýdyp Amerikanyň bu boluşy şeýledir welin, hatda Ýewropa ýurtlarynyň üçüsi, Fransiýa, Germaniýa we Angliýa gepleşik stolunda Amerikalylary tankytladylar diýip nygtady.