Amir Abdullahian: Wena gepleşiklerinde galan meseleleri çözmek ABŞ-nyň kararyny talap edýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian, şenbe güni agşam Belgiýanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Sofiýa Wilms bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Wena gepleşiklerinde gazanylan üstünliklere yşarat edip galan bir ýa-da iki meseläni çözmek, Ýewropa Bileleşiginiň wekiliniň üsti bilen amala aşyrylýan ABŞ-nyň kararyny talap edýär diýdi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Amir Abdullahian bu telefon söhbetdeşliginde Eýran bilen Belgiýanyň dürli ugurlardaky gowy we hormat esasyndaky gatnaşyklaryna yşarat edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn gatnaşyklar nukdaýnazaryndan hem-de bu ýurtda Ýewropa we halkara guramalarynyň bolmagy taýdan möhüm hasaplady.
Bu telefon söhbetdeşliginde Belgiýanyň Daşary işler ministri parlament hyzmatdaşlygyna we käbir ikitaraplaýyn şertnamalara hem ünsi çekdi we iki ýurduň arasyndaky ýakyn we özara hyzmatdaşlygy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde we käbir bar bolan meseleleri çözmekde möhüm diýip atlandyrdy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Eýranyň we Belgiýanyň Daşary işler ministrleri ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we söwda alyş-çalyşlarynyň göwrümini giňeltmäge we dürli meseleler boýunça iki ýurduň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian mundan ozal beren interwýusynda ABŞ-nyň köp isleýjiligine yşarat etmek bilen, Amerikalylar real çemeleşse, ylalaşyk gazanyljakdygyny aýtdy.