Enrike Mora-nyň Tähranda Bageri bilen duşuşygy
Tähranda ýerleşýän EUB-niň Daşary syýasatynyň başlygynyň orunbasary Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň uly gepleşikçisi we Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageri we EUB-niň Daşary syýasatynyň başlygynyň orunbasary we Wena gepleşikleriniň utgaşdyryjysy Enrike Mora Wenadaky sanksiýalary ýatyrmak boýunça gepleşikleriniň soňky ýagdaýy we galanlary barada pikir alyşdylar we galan meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Eýranyň uly gepleşikçisi Ali Bageri, Eýran Yslam Respublikasynyň Wenada şertnamany gutarmak we baglaşmak üçin çynlakaýdygyny aýtmak bilen eger-de Amerikan tarapy real bolsa, ylalaşyk gazanyp bolar diýdi.
Wena gepleşikleriniň utgaşdyryjysy Enrike Mora hem bu duşuşykda beýleki taraplar bilen soňky geňeşmeleri barada hasabat berdi.
Bageri we Enrike Mora geljek günlerde ýakyn aragatnaşyk saklamagy we maslahatlaşmagy dowam etdirerler.
Tähranda bolan Wena gepleşikleriniň utgaşdyryjysy Enrike Mora şu gün ýekşenbe Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian bilen duşuşyp, özara gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.