Eýranyň Daşary işler ministriniň Hytaýa sapary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16182-eýranyň_daşary_işler_ministriniň_hytaýa_sapary
Eýranyň Daşary işler ministri Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň üçünji ýygnagyna gatnaşmak üçin Hytaýa gitdi.
(last modified 2022-03-29T05:11:20+00:00 )
Mar 29, 2022 10:11 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministriniň Hytaýa sapary

Eýranyň Daşary işler ministri Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň üçünji ýygnagyna gatnaşmak üçin Hytaýa gitdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Eýranyň, Päkistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri we wekilleri şeýle hem Talybanyň wagtlaýyn döwletiniň daşary işler ministrliginiň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki Owganystanyň goňşularynyň Hytaýdaky duşuşygyna gatnaşarlar. Bu ýygnak çarşenbe we penşenbe günleri geçirilýär.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian şu gün (sişenbe) Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň üçünji ýygnagyna gatnaşmak üçin syýasy delegasiýa ýolbaşçylyk edip, Hytaýyň gündogaryndaky Anhoý welaýatynyň Tunşi şäherine gitdi.

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ikinji ýygnagy geçen ýyl 5-nji Abanda Tähranda Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan geçirildi.