Eýran Respublikasynyň prezidenti, bilime esaslanýan bäş sany derman önümini tomoşa goýdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Tähran uniwersitetiniň Ylym we Tehnologiýa merkezine baran wagtynda bilime esaslanýan bäş sany dermanlyk önümini görkezdi.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri 1401-nji ýyly "önümçilik, bilime esaslanmak ,we iş ornunlary döretmek" ýyly diýip atlandyrdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, şu gün (sişenbe) bäş sany bilime esaslanýan derman önüminiň tomoşa goýuluş dabarasynda bilime esaslanýan ykdysadyýetiň ösüşini ýurduň ösüp öňe gitmek ýolunda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplap bu ýygyndynyň mukdar we hil taýdan ösüşini nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň 1401-nji ýylyň adyny bellemekde bilim esasly önümçiligi ösdürmäge berýän ünsini ýatlap, bu atyň ýerine ýetirilmeginde ylym we tehnologiýa merkezleriniň ornuny möhüm diýip atlandyrdy we ýurduň bilim esasly ekosistemasynyň ähli aktýorlaryndan bu ugurda işjeň rol oýnamagyny isledi.
Şeýle hem Raisi Eýranyň derman öndürýän kompaniýalaryna baryp görende dewa-dermanlaryň aňsat we arzan halkyň elýeterliginde bolmagynyň zerurdygyny aýtdy