Eýranyň çemeleşmesi ähli ýurtlar bilen dogruçyl gatnaşyk saklamakdyr
Eýranyň Ispaniýadaky medeni geňeşçisi, 12-nji Farwardinde Yslam respublikasynyň güni hökmünde ähmiýetini açyklap, Eýranyň çemeleşmesini ähli ýurtlar bilen dogruçyl gatnaşyk saklamak diýip häsiýetlendirdi.
1358-njy ýylyň Farwardin aýynda Ymam Homeýniniň (RA) ýolbaşçylygynda Yslam Rewolýusiýasynyň şanly ýeňşinden soň, tutuş Eýranda Yslam Respublikasynyň sala salşygy geçirildi.
1358 ýylyň Farwardiniň 12-nji güni (1979-njy ýylyň 1-nji apreli) yglan edilen bu sala salşygyň netijelerine görä, saýlawda ses bermäge hukugy bolanlaryň 98% -den gowragy Yslam respublikasynyň döredilmegi bilen ylalaşdylar.
Şol sebäpli Farwardiniň 12-nji güni, Eýran senenamasynda Eýran Yslam Respublikasynyň güni diýlip atlandyryldy.
Eýranyň Ispaniýadaky medeni geňeşçisi Muhammet Mehdi Ahmadi şu gün (penşenbe) neşir edilen döwlet Afeh habar gullugyna beren interwýusynda Eýran Yslam Respublikasy, onuň bilen dogruçyl gatnaşykda bolmak isleýän ähli ýurtlar bilen aragatnaşyk saklar emma Eýran halkynyň bähbitlerini bozmak isleýänler bilen gatnaşygy bolmaz diýip yglan etdi.
Soňra Ahamdi Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň esasy şygary bolýan, garaşsyzlygy, azatlygy, Yslam Respublikasyny açyklap bermek bilen Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinden öň ABŞ-e garaşly bolan we bu ýurduň Günbatar Aziýa sebitinde tasirli ýurdy bolan Eýran, Garaşsyzlygy gazanmagy başarandygyny aýtdy.
Eýranyň Ispaniýadaky medeni geňeşçisi şeýle-de garaşsyzlygyň biziň haýsydyr bir ýurt bilen gatnaşyklarymyzy saklamazlygy aňlatmaýandygyny, eýsem beýleki ýurtlar bilen gatnaşykda bolanymyzda hiç haçan haýsydyr bir baýar güýjüne garaşly bolmajakdygymyzy aýtdy.