Raisi: Eýranyň kynçylyklaryny çözmek üçin daşary ýurtlularyň açylyşlaryna we hereketlerine garaşyp durmadyk
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16242-raisi_eýranyň_kynçylyklaryny_çözmek_üçin_daşary_ýurtlularyň_açylyşlaryna_we_hereketlerine_garaşyp_durmadyk
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, hemmeler bilen aragatnaşyk saklamagy halaýandyrys, ýöne kesekilere göz dikmeýäris diýmek bilen, Hiç hili ýagdaýda halkyň durmuşyny we ykdysadyýetini ýadro şertnamasyna we gepleşiklere baglanşykly edendäldiris diýip nygtady.
(last modified 2022-03-31T09:46:51+00:00 )
Mar 31, 2022 14:46 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýranyň kynçylyklaryny çözmek üçin daşary ýurtlularyň açylyşlaryna we hereketlerine garaşyp durmadyk

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, hemmeler bilen aragatnaşyk saklamagy halaýandyrys, ýöne kesekilere göz dikmeýäris diýmek bilen, Hiç hili ýagdaýda halkyň durmuşyny we ykdysadyýetini ýadro şertnamasyna we gepleşiklere baglanşykly edendäldiris diýip nygtady.

Eýranyň Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, Horasan Razawi welaýatynyň alymlary we ruhanylary topary bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: kesekilere ynam etmelidäldigimizi tejribelerden we öňkülerimizden öwrendik. olaryň hiç kime peýdalary ýeten däldir we bize hem peýdalary ýetmez diýmek bilen biz diňe öz mümkinçiliklerimize we barlyklarymyza ynam edýäris diýip beýan etdi.

Raisi şeýle-de biziň ýolumyzda duşmançylyklaryň we päsgelçilikleriň bardygyny we içalçylyk akymynyň synanyşýandygyny aýtmak bilen, ýöne olaryň hiç biri-de Eýran halkynyň hereketini togtadyp başarmajakdygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurduň sebitdäki söwdasynyň ýagdaýyna ünsi çekip, bu ýurduň nebit däl daşary söwdasynyň geçen ýyl 100 milliard dollara ýetendigini, we munuň bir böleginiň özara gatnaşyklaryň ýokarlanmagy we goňşularyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda işe başlaly bäri, 13-nji Eýran hökümeti daşary syýasatda deňagramlylyga ynanýandygyny we goňşulary we yslam ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary gün tertibinde ileri tutulýandygyny görkezdi.

Gündogara seredýän sebitleýinlik syýasaty, Şanhaý şertnamasy we EKO ýaly sebitleýin we sebitara guramalara we guramalara gatnaşmak, Eýranyň 13-nji hökümeti tarapyndan alynyp barylýan daşary syýasaty deňagramlylygynyň mysallaryndan biridir.