Raisi yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylaryny mübärek Remezan aýynyň gelmegi bilen gutlady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16260-raisi_yslam_ýurtlarynyň_ýolbaşçylaryny_mübärek_remezan_aýynyň_gelmegi_bilen_gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, aýry-aýry hatlar boýunça yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylaryny mübärek Remezan aýynyň gelmegi bilen gutlady.
(last modified 2022-04-02T11:48:32+00:00 )
Apr 02, 2022 16:48 Asia/Ashgabat
  • Raisi yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylaryny mübärek Remezan aýynyň gelmegi bilen gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, aýry-aýry hatlar boýunça yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylaryny mübärek Remezan aýynyň gelmegi bilen gutlady.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň aýy gözläp tapmak edarasynyň merkezi ertiriň (ýekşenbäniň) Remezan aýynyň birinji güni boljakdygyny habar berdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna aýry-aýry hatlarynda şeýle diýdi: Ýene bir gezek Remezanyň ýakymly ysy dem alynjakdyr, şonuň üçin bu mübärek aýda, Guranyň inen aýynda adam ykbalynyň kesgitlenýän gijesi bolan Gadr gijesi, musulmanlar we Taňrynyň dogruçyl bendeleri üçin günäden saklanmak, kalby ösdürip ýetişdirmek we arassalamak arkaly takwa amal etmek, takwa adamlaryň arasynda bolmak we Hudaýa ýakynlaşmak üçin bir pursat bolmalydyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de, rehimdarlykdan we bagyşlanmakdan doly bolan şu aýyň bereketleri bilen we yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň we akyldarlarynyň tagallalary bilen musulman halklarynyň arasynda barha artýan duýgudaşlygy we raýdaşlygy nygtamak bilen, yslam ymmatynyň agzybirligini we jebisligini berkitmek üçin esasanam Takfiri terrorçylygy ýaly bölünişik akymlara garşy täsirli çäreleri görmelidigini aýdyp zulumyň we adalatsyzlygyň ýok edilmegine we bütin dünýäde, esasanam Palestinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna şaýat bolmagy umyt etdi.

Birnäçe yslam döwleti şenbe güni mübärek Remezan aýynyň ilkinji güni diýip yglan etdiler.

Katar, Saud Arabystany, Palestina, Bahreýn, Kuweýt, Siriýa, BAE, Ýemen, Türkiýe we Azerbaýjan Respublikasy şenbe güni mübärek Remezan aýynyň ilkinji güni diýip yglan etdiler.