Ra'isi: Eýran Yragyň garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16266-ra'isi_eýran_yragyň_garaşsyzlygyny_we_howpsuzlygyny_goldaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasy, Yragyň agzybirligini, garaşsyzlygyny, howpsuzlygyny we Yragyň sebitleýin we halkara pozisiýasyny ýokarlandyrmagy goldaýar diýip yglan etdi.
(last modified 2022-04-03T07:17:57+00:00 )
Apr 03, 2022 12:17 Asia/Ashgabat
  • Ra'isi: Eýran Yragyň garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny goldaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasy, Yragyň agzybirligini, garaşsyzlygyny, howpsuzlygyny we Yragyň sebitleýin we halkara pozisiýasyny ýokarlandyrmagy goldaýar diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ybraýym Raisi ýekşenbe güni Yragyň prezidenti Barham Saleh bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde "Yrakdaky sähelçe durnuksyzlyk sebitdäki ähli ýurtlara zyýan ýetirýär" diýmek bilen bir wagtda mukaddes Remezan aýy Yrak halkyna we ähli musulmanlara gutlap hemmelere ylahy nygmatlar arzuw etdi.

Remezanyň gelmegini gutlap, Barham Saleh sebitdäki kynçylyklary ýeňip geçmek üçin Eýran bilen Yragyň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlyga ünsi çekdi we "Sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmak möhüm" diýdi.