General Safawi: Ukrainadaky söweş ABŞ-nyň, NATO-nyň we Ýewropanyň güýjüni azaltdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16340-general_safawi_ukrainadaky_söweş_abŞ_nyň_nato_nyň_we_Ýewropanyň_güýjüni_azaltdy
Bütin Güýçleriň Baş serkerdäniň ýokary geňeşçisi Ukrainadaky söweşiň ABŞ, NATO we Ýewropany gowşadandygyny aýtdy.
(last modified 2022-04-06T05:58:13+00:00 )
Apr 06, 2022 10:58 Asia/Ashgabat
  • General Safawi: Ukrainadaky söweş ABŞ-nyň, NATO-nyň we Ýewropanyň güýjüni azaltdy

Bütin Güýçleriň Baş serkerdäniň ýokary geňeşçisi Ukrainadaky söweşiň ABŞ, NATO we Ýewropany gowşadandygyny aýtdy.

Bütin Güýçleriň Baş serkerdäniň ýokary geňeşçisi "Serdar maýor general yahýa Rahim Safawi" Ukraina söweşini seljerip aýdan gürrüňlerinde Amerikalylar we NATO Ukrainany NATO-a goşmagy başaran bolsalar, Moskwa uly howp astynda boljakdy diýdi.

Rahim Safawi sözüniň dowamynda: Bu söweş ABŞ-nyň, NATO-nyň we Ýewropanyň güýjüni azaltdy diýdi.

Bütin Güýçleriň Baş serkerdäniň ýokary geňeşçisi şeýle-de bu söweşiň Russiýa, ABŞ we Ýewropa üçin ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy çykdajylarynyň bolandygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 21-nji fewralda Günbatary Moskwanyň howpsuzlyk meselelerine üns bermeýändigi üçin tankytlamakdan soň Donbas sebitindäki Donetsk we Luhansk Halk Respublikasynyň garaşsyzlygyny ykrar etdi.

Üç günden soň (24-nji fewral) Putin Ukraina garşy harby operasiýa başlady we muny "ýörite operasiýa" diýip atlandyrdy.