Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16354-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 36 adamyň ölendigini habar berdi
(last modified 2022-04-08T05:25:15+00:00 )
Apr 08, 2022 10:25 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 36 adamyň ölendigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 36 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 140,528-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän üç müň 184 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 7,186,992 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 909 müň 967 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatda ýurtda 28,647 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 64 million 47 müň 355 adam birinji dozany, 57 million 101 müň 72 adam ikinji dozany we 26 million 470 müň 460 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 147 million 618 müň 887 doza ýetdi diýip yglan etdi.