PREZIDENT: Hökümet parahatçylykly ýadro pudagyndaky gözlegleri goldaýar
Apr 09, 2022 13:10 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ýadro üstünlikleri sergisine eden sapary wagtynda “Hökümet parahatçylykly ýadro pudagyndaky gözlegleri goldaýar' diýdi.
Şu gün, 20-nji farwardin, şenbe güni, Eýranyň ýadro alymlarynyň ýadro ýangyjynyny siklini kämilleşdirmek ugrundaky abraýly tagallalary sebäpli "Milli ýadro tehnologiýasy güni" diýlip atlandyryldy.
Şu gün (şenbe), Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raeisi, Sammitler zalynda geçirilen ýadro üstünlikleriniň sergisine gatnaşmak bilen, ýurduň 9 sany täze üstünligine, şeýle hem Eýranda öndürilen sentrifugalaryň dürli nesillerini goşmak bilen ýurduň soňky ýyllarda gazanan ylmy we parahatçylykly üstünliklerine baryp gördi.