Galibaf: Ýadro gepleşikleri kepillendirilen ykdysady peýdalara sebäp bolmaly
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16374-galibaf_Ýadro_gepleşikleri_kepillendirilen_ykdysady_peýdalara_sebäp_bolmaly
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy: On birinji mejlis, ýadro gepleşikleriniň Eýranyň abraýly halky üçin kepillendirilen, dowamly we göze görnüp duran ykdysady bähbitlere sebäp bolmalydygyny aýtdy.
(last modified 2022-04-10T07:22:27+00:00 )
Apr 10, 2022 12:22 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Ýadro gepleşikleri kepillendirilen ykdysady peýdalara sebäp bolmaly

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy: On birinji mejlis, ýadro gepleşikleriniň Eýranyň abraýly halky üçin kepillendirilen, dowamly we göze görnüp duran ykdysady bähbitlere sebäp bolmalydygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, şu gün (ýekşenbe) Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" mejlisiň açyk ýygnagynda, Eýranyň abraýly we buýsançly halkyny, zähmetsöýer Mujahidleri we ýurduň ýadro pudagynyň ýadawsyz alymlaryny Milli Ýadro Tehnologiýasy Gününiň gelmegi bilen gutlady.

Mejlisiň başlygy sözüniň dowamynda: Soňky ýyllarda ýadro pudagynyň alymlaryň, esasanam dürli ugurlardaky şehit bolan ýadro alymlarynyň tagallasy bilen döredilen täsin we abraýly ösüşleriň arasynda ýokary tehnologiýaly radiodermanlar önümçiligini agzap bileris diýdi.

Galibaf şeýle hem bu wakalaryň buýsançly ýolunda Eýranyň 11-nji mejlisiniň strategiki hereket kanunyny kabul etmek bilen ýurduň ýadrolyk  pudagynyň öňündäki pasgelçilikleri aýyrandygyny aýtdy.

Eýranyň Mejlisiň başlygy sözüniň ahyrynda ýurduň ýadro ösüşi Eýran halkynyň ykdysady peýdasyna güýçli goldaw bolup durýar diýip nygtady.