Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16408-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 28 adamyň ölendigini habar berdi
(last modified 2022-04-12T06:35:30+00:00 )
Apr 12, 2022 11:35 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 28 adamyň ölendigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 28 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 140,678-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän iki müň 737 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 7,197,505 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 927 müň 42 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatda ýurtda 97,109 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 64 million 116 müň 410 adam birinji dozany, 57 million 227 müň 374 adam ikinji dozany we 26 million 612 müň 163 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 147 million 955 müň 947 doza ýetdi diýip yglan etdi.