Amir Abdullahian: Eýranyň maliýe talaplarynyň boşadylmagy barada ylalaşyldy
Eýranyň Daşary işler ministri Yslam respublikasynyň maliýe talaplaryny daşary ýurt bankyndan boşatmak baradaky ilkinji ylalaşygy yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian şu gün (çarşenbe) Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn bilen Tähranda geçirilen metbugat ýygnagynda
Eýranyň maliýe talaplaryny daşary ýurt banklardan boşatmak barada ylalaşyk gazanyldy we onuň durmuşa geçirilmegi üçin düýn ýurtlaryň birinden bir delegasiýa Tährandady we gepleşikler geçirildi we haçan we nädip boşadyljakdygy barada deslapky ylalaşyk gazanyldy diýip Huseýin Amir-Abdollahian aýtdy.
Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn bilelikdäki metbugat ýygnagynda Eýranyň we Yragyň howpsuzlygynyň birek-birege baglydygyny aýdyp Eýranly doganlaryň käbir howpsuzlyk meseleleri barada käbir nägilelikleri bar we olar hakda aç-açan gürleşilmeli we bu meseleler diplomatiýa we gepleşik arkaly çözülmelidir diiýp nygtady.