Prezident Raisi: Tähran güýçli, abraýly we agzybir Yragy isleýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yragyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Eýran güýçli, abraýly we agzybir Yragy isleýär diýdi.
Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün (penşenbe) Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn bilen duşuşygynda Eýran bilen Yragyň halyklarynyň arasyndaky dini, taryhy we medeni umumylyklara yşarat edip iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar adaty goňşuçylyk gatnaşyklaryndan has ýokarydyr we Eýranyň islegi bu doganlyk gatnaşyklaryny hasam artdyrmakdyr diýdi.
Prezident Raisi Tähran bilen Bagdadyň umumy howpsuzlyk we gyzyklanmalaryň bardygyna salgylanyp Tähran bilen Bagdadyň howpsuzlygy we bähbitleri biri-biri bilen baglanyşykly we duşmanlar muny hiç wagt bozup bilmezler diýip beýan etdi.
Raisi şeýle-de Tähranyň goňşy ýurtlardan, esasanam Yrakdan, federal hökümetiň gözegçiligindäki sebitlerde ýa-da Kürdüstan sebitiniň gözegçiligindäki sebitlerde Eýran Yslam Respublikasyna garşy hiç hili päsgelçilik döretmegine çynlakaý garaşýandygyny belläp: Eýran iş ýüzünde goňşularyna doganlygyny subut etdi we goňşy ýurtlaryň duşmanlaryň dildüwşüklerinden habarly bolmagyna garaşýarys diýdi.
Raisi: Eýran sionistrežimiň hereketlerine ýakyndan gözegçilik edýär we çagalary öldürýän bu režim bilen hyzmatdaşlygy gizläp bolmaz we sebitiň howpsuzlygyna howp abanmagyna ýol bermeris diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de DAEŞ ABŞ we Ysraýyl tarapyndan döredildi we şu gün Owganystanda olaryň adyndan hereket edýärler diýmek bilen Eýran onlarça ýyl bäri owgan bosgunlaryny we migrantlaryny myhman alýar we olar Eýranda eýranly bolup ýaşamagyň artykmaçlyklaryndan peýdalanýarlar diýdi.
Raisi, Yragyň howpsuzlygyny yraklylaryň özleri üpjün etmelidigini we Yrakda daşary ýurtlularyň bolmagy howpsuzlygy üpjün etmeýändigini aýtdy.
Yragyň daşary işler ministri duşuşykda Yrak özüni diňe bir goňşusy däl, eýsem Eýranyň ýarany we dosty hasaplaýar diýdi.
Fouad Huseýn Yrak hiç haçan Eýranyň howpsuzlygyna garşy hereket edip biljek ýer bolmaz we biz Eýranyň bähbidine howp abanmazlygy üçin giňişleýin hyzmatdaşlyga, şol sanda howpsuzlyk pudagyna-da taýyndyrys diýdi.