Hatibzadeh: Musulmanlar Palestinalylary goldamak üçin agzybir bolmalydyrlar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Al-Aqsa metjidine sionist režimi tarapyndan bihormatçylyk edilmegini ýazgarmak bilen musulmanlar Palestina meselesini goldamak üçin agzybir bolmalydyrlar diýdi.
Ysraýyl goşuny anna güni irden Al-Aqsa metjidinde agyz bekli adamlara hüjüm edip, 400-den gowrak palestinalyny tussag etdi we 300-den gowrak adamy ýaralady.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" şenbe güni twit ýazyp, basyp alnan ýerlerde sionist režimiň täze jenaýatlary we Al-Aqsa metjidine bihormatçylykedilmegine yşarat edip, Ysraýyl režiminiň mukaddes Remezan aýynda eden täze wagşylyklary çuňňur gahar-gazaba sebäp bolýar we biz Al-Aqsa metjidine edilen bihormatçylygy ýazgarýarys diýdi.
Hatibzadeh, Ysraýylyň aparteid režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň diňe sionist repressorlary zorlugyň möwjemegine itergi berýändigini aýtmak bilen musulmanlar Palestina meselesini goldamak üçin agzybir bolmalydyrlar diýip sözlerine goşdy.