Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 19 adamyň ölendigini habar berdi
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 19 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 140,896-a ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 607 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 7,212,505395 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 954 müň 941 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde şu wagta çenli 506 milliondan 130 müňden gowrak adama ýokaşdy we 6 million 228 müňden gowrak adam hem Kowid-19 keseli sebäpli öldi.