Raisi Owganystandaky terrorçylykly hüjümleri ýazgardy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Owganystandaky birnäçe mekdebe edilen terrorçylykly hüjümleri ýazgardy we bu hüjümlerde ölenleriň maşgalalaryna gynanç bildirdi.
Sişenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulyň Hazara şaýy etrapçasyndaky oglanlar mekdebiniň öňünde üç partlamada alty töweregi adam ölüp, 24 adam ýaralandy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde eden çykyşynda, Terrorçylardan başga-da, bu hüjümleriň jogapkärçiligi jogapkärçiliksiz gatyşmalar arkaly howpsuzlygy üpjün etmek bahanasy bilen soňky ýyllarda Owganystany durnuksyzlaşdyrmakda iň möhüm rol oýnan ýurtlara degişlidir diýdi.
Raisi, şeýle hem, pidalaryň köpüsiniň bigünä çagalar we okuwçylar bolup geçýän wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin owgan dolandyryş geňeşini elinden gelenini etmäge çagyrdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sebitdäki ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine we kynçylyklaryna ünsi çekip, Eýranyň söwda ýagdaýyny gowy suratlandyrdy we bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň we bu ugurda hususy pudagyň mümkinçiliklerinden has köp peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.
2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda işe başlaly bäri, 13-nji Eýran hökümeti daşary syýasatda deňagramlylyga ynanýandygyny we goňşulary we yslam ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary gün tertibinde ileri tutulýandygyny görkezdi.