Goranmak ministrligi Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň döredilmeginiň ýyl dönümi gutlady
(last modified Fri, 22 Apr 2022 10:15:58 GMT )
Apr 22, 2022 15:15 Asia/Ashgabat
  • Goranmak ministrligi Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň döredilmeginiň ýyl dönümi gutlady

Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Goranmak we goldaw ministrligi bir sargyt boýunça Ynkylap goragçylarynyň döredilmeginiň ýyl dönümini gutlady.

Duşmanlaryň dildüwşüklerine we erbet meýilnamalaryna laýyklykda Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujysy Ymam Homeýni (RA), uzakdan görülýän hereketde, 1979-njy ýylyň aprelinde Ynkylap geňeşine beren buýrugy bilen Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň döredilendigini resmi taýdan yglan etdiler.

Goranmak ministrliginiň sargydynda şeýle getirilýär: "2-nji Ordibeheşt Ymam Homeýniniň (RA) Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusyny döretmek baradaky buýrugyny ýada salýar; bu gurama soňky dört onýyllygyň dowamynda hemişe Yslam Rewolýusiýasynyň goragçysy bolup durandyr we onuň agzalary ynkylaby we milletiň abraýyny goramak üçin hemişe janlaryny pida edendirler.

Sargydyň dowamynda mukaddes goranmak döwründe batyr goragçylar, goranyş güýjüne bil baglap, duşmany bu serhet we sebit çäginden çykarmakda möhüm rol oýnapdyrlar we soňky onýyllyklarda bu ynkylapçy güýçler, halka jihad pudagynda dogruçyl hyzmat etmek we öz ýurduny gurmak baradaky wadalaryny ýerine ýetirmekden başga-da Yslam rewolýusiýasynyň jümmüşinden erkinligi söýýän beýleki halklara erkinlik we azatlyk habaryny bermek bilen, yslamyň duşmanlaryna garşy söweşde, ynkylaby we Yslam respublikasynyň mukaddes ulgamyny goramakda özlerini pida etdiler diýilip getirilýär.