Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16598-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 13 adamyň ölendigini habar berdi
(last modified 2022-04-24T08:20:11+00:00 )
Apr 24, 2022 13:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 13 adamyň ölendigini habar berdi

Häzirki wagtda, takmynan 26 aýdan soň, Kowid-19 hassalarynyň gündelik ölümi 15-den pes boldy.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 13 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 140,975-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 528 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,216,040 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 966 müň 964 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatda ýurtda 31,225 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 64 million 266 müň 837 adam birinji dozany, 57 million 461 müň 194 adam ikinji dozany we 26 million 903 müň 884 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 148 million 631 müň 915 doza ýetdi diýip yglan etdi.