Rewolýusiýanyň ýokary lideriniň Sionistler bilen aragatnaşyk saklamak uly ýalňyşlykdyr diýmekleri
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, ýakyn wagtda geçiriljek Bütindünýä Al-Kuds gününe ünsi çekip: "Palestina halkynyň uly işlerini we sionistleriň wagşyçylyklarynyň we jenaýatlarynyň köpelmegini göz öňünde tutdylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, ýakyn wagtda geçiriljek Bütindünýä Al-Kuds gününe ünsi çekip: "Palestina halkynyň uly işlerini we sionistleriň wagşyçylyklarynyň we jenaýatlarynyň köpelmegini göz öňünde tutup, şu ýyl Al-Kuds güni başgaça bolar we Palestina halkyna duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirip olaryň güýçlerini we çydamyny artdyrmaly diýip nygtadylar.
Sişenbe güni agşam talyplar we talyp guramalarynyň wekilleri bilen toparlaýyn ýygnakda Aýatolla Hameneýi, “Kuds gününi” Palestinanyň ezilen halkyna duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirmek we ylham bermek üçin amatly pursat diýip atlandyrdylar we käbirleriniň hereketlerini berk tankytlap"Gynansagam, yslam döwletleri gaty erbet iş edýärler we Palestina kömek etmegiň ýoly sionistler bilen aragatnaşyk gurmakdyr öýdýärler, bu uly ýalňyşlyk" diýdiler.
Ynkylapyň ýokary lideri, kyrk ýyl mundan ozal Müsüriň hökümetiniň sionistler bilen gatnaşyk gurmakda goýberen uly ýalňyşlygy barada durup geçdiler: Aýatolla Hameneýi şeýlede Anwar Sadatyň şol bir ýalňyşlygyny gaýtalamak isleýärlermi bu arap ýurtlar diýip sözlerine goşdyla.
Ynkylabyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi, soňky ýyllarda ABŞ-nyň syýasatlaryna laýyklykda bikanun sionist režimiň jenaýatlaryna we ýaýbaňlandyryjy maksatlaryna üns bermän käbir arap we yslam režimlerine salgylanýarlar.
Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn , Sudan we Magreb ýurtlary, araplaryň Palestina halkynyň isleglerine jogapkärdiklerine garamazdan, 2020-nji ýylyň sentýabr-dekabr aýlary aralygynda sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda çemeleşdiler.
Sionist režimi uzak wagtlap adamzada garşy esasanem palestina halkyna garşy basyp almak amallary bardyr,şonuň üçin bu basypalyjy režim sebitdäki musulman halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmer.
Bu ýyl, Bütindünýä Al-Kuds gününiň öňüsyrasynda sionistler zorluk we jenaýat işlerini güýçlendirdiler; Sionist harbylar Kudusdäki palestinalylara we Al-Aksa metjidiniň howlusyna soňky iki hepdäniň dowamynda hüjüm edip ýüzlerçe palestinalynyň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna sebäp boldylar.
Hakykat, palestinalylaryň taryhy tejribesi, ideallaryna ýetmek üçin sionist basybalyjylara garşy durmakdan başga alaç galmaýandygyny öwretdi; "Häzirki wagtda Palestina iki ýol bilen ýüzbe-ýüz bolýar: Al-Aksa metjidiniň ýahudylygyny kabul etmek ýa-da sionist režime garşy durmakdyr diýip Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamasyň) syýasy gullygynyň başlygy Ismail Haniyeh aýtdy.