Raisi: Sionist režimi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ýeň astynda ýylan eklemek ýalydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16668-raisi_sionist_režimi_bilen_gatnaşyklary_kadalaşdyrmak_ýeň_astynda_ýylan_eklemek_ýalydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti penşenbe güni Sionist režimiň ejiz we gowşak režimdigini aýdyp Döwlet terrorçylygy, adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy, palestina halkyna garşy gadagan ýaraglaryň ulanylmagy we Al-Aqsa metjidine birhormatçylyk edilmegi sionist režimiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna goşant goşyp bilmez diýip nygtady.
(last modified 2022-04-29T03:11:58+00:00 )
Apr 29, 2022 08:11 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Sionist režimi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ýeň astynda ýylan eklemek ýalydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti penşenbe güni Sionist režimiň ejiz we gowşak režimdigini aýdyp Döwlet terrorçylygy, adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy, palestina halkyna garşy gadagan ýaraglaryň ulanylmagy we Al-Aqsa metjidine birhormatçylyk edilmegi sionist režimiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna goşant goşyp bilmez diýip nygtady.

Yslam ýurtlarynyň ilçileri we wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda "Seýid Ybraýym Ra'isi" sebitdäki käbir ýurtlaryň basybalyjy sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşmagyna ünsi çekip Ganhor Sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan ýurtlar ýeňlerinde ýylany ösdürip ýetişdirýänlere meňzeýär we bu ädim dünýäde iki milliard töweregi musulmanyň gaharyny getirer we dünýäniň erkin halkynyň ýigrenjini döreder diýip  beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Palestina meselesini üns merkezde salamak üçin bütindünýä kuds gününiň ähmiýetine yşarat edip Kuds güni, Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň mirasy we akylly başlangyjy hökmünde Palestina we çydam meselesini üns merkezde saklandyr diýip nygtady.