Galibaf: Yslam ymmaty Palestina baradaky ynançlaryna esaslanýar
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Yslam ymmaty Palestina bolan ynamlary bilen dur.
Şu gün (anna), 2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde (1401-nji ýylyň 9-njy ordibeheşdi), 1443-nji ýylyň Remezan aýynyň 27-i, Halkara Kuds güni bilen gabat gelýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýn, Remezanyň soňky anna gününi Palestina meselesini üns merkezde saklamak we dünýä musulmanlarynyň palestinalylar bilen raýdaşlygyny yglan etmek maksady bilen Remezan aýynyň soňky anna gününi Bütindünýä Kuds güni diýip yglan etdiler.
Eýranyň Talyplar Habar Gullugynyň (ISNA) habar bermegine görä, Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf", Kuds güni ýörişiniň çäginde habarçylaryň arasynda Al-Kuds güni ýörişinde halkyň bolmagy yslam ymmatynda agzybirlik we ulumsylyga garşy göreş ruhunyň henizem dowam edýändigini görkezýär diýmek bilen Şu ýyl palestinaly mujahidler Tel Awiwiň merkezinde ygtyýarlylyk bilen operasiýa geçirdi we adamlar ýörişleri bilen Palestini hemişe goldaýandyklaryny görkezdiler diýip nygtady.