Ruhani:Eýran milleti duşmanlar bilen garşylaşmaga taýýardyrlar
Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baş tutany Eýran milleti duşmanlaryň garşysynda berk durmaga we özleriniň garaşsyzlygyny,milli howpsyzlygyny we häkimiýetini goramak üçin öňkiden hem köpräk taýýardyrlar diýdi.
Şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani ýurdyň günortasynda ýerleşen Kerman welaýatynyň Sirjan ilatynyň ýygnagynda eden çykyşynda Eýran milletiniň keseki gudratlara daýanmazdan hemde birleşik we jan aýamazlyklary bilen dünýäniň uly gudratlary tarapyndan goldanýan režimiň garşysynda berk durup yslam ynkylabyny ýeňişe ýetirendiklerini nygtady.
Eýran ilaty düzgüniň hilini we görnüşini ses bermek bilen saýladylar we bu mowzuk sebitde we ähli dünýäde Eýrana uly buýsançdyr diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.
Ruhani sözüniň dowamynda Eýrany Orta gündogar sebitinde iň howpsyz ýurt hasaplap Eýranyň durmuşky howpsyzlygynyň howpsyzlyk güýçleriň ýanynda Eýran milletiniň birleşiginiň we berk durmagynyň netijesidir diýip nygtady.