Ruhani:Eýran milleti duşmanlar bilen garşylaşmaga taýýardyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1669-ruhani_eýran_milleti_duşmanlar_bilen_garşylaşmaga_taýýardyrlar
Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baş tutany Eýran milleti duşmanlaryň garşysynda berk durmaga we özleriniň garaşsyzlygyny,milli howpsyzlygyny we häkimiýetini goramak üçin öňkiden hem köpräk taýýardyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 01, 2018 12:11 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran milleti duşmanlar bilen garşylaşmaga taýýardyrlar

Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baş tutany Eýran milleti duşmanlaryň garşysynda berk durmaga we özleriniň garaşsyzlygyny,milli howpsyzlygyny we häkimiýetini goramak üçin öňkiden hem köpräk taýýardyrlar diýdi.

Şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani ýurdyň günortasynda ýerleşen Kerman welaýatynyň Sirjan ilatynyň ýygnagynda eden çykyşynda Eýran milletiniň keseki gudratlara daýanmazdan hemde birleşik we jan aýamazlyklary bilen dünýäniň uly gudratlary tarapyndan goldanýan režimiň garşysynda berk durup yslam ynkylabyny ýeňişe ýetirendiklerini nygtady.

Eýran ilaty düzgüniň hilini we görnüşini ses bermek bilen saýladylar we bu mowzuk sebitde we ähli dünýäde Eýrana uly buýsançdyr diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.

Ruhani sözüniň dowamynda Eýrany Orta gündogar sebitinde iň howpsyz ýurt hasaplap Eýranyň durmuşky howpsyzlygynyň howpsyzlyk güýçleriň ýanynda Eýran milletiniň birleşiginiň we berk durmagynyň netijesidir diýip nygtady.