Şamhani: Sionizmiň süňkleriniň döwülmek sesi eşidilýär
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary: Halkara Sionizmiň süňkleriniň döwülmek sesi has güýçli eşidilýär diýdi.
Düýn (anna), 2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde (1401-nji ýylyň 9-njy Ordibeheşti) 1443-nji ýylda Remezan aýynyň 27-sine we Bütindünýä Kuds gününe gabat geldi.
Bütindünýä Al-Kuds güni dabaralary, 90-dan gowrak ýurtda musulmanlaryň we beýleki ylahy dinleriň azatlyk söweşijileriniň gatnaşmagynda palestina halkyny goldamak we Sionist režiminiň jenaýatlaryny ýazgarmak bilen ýöriş ýa-da ýygnanyşyk görnüşinde geçirildi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Şamhani" Bütindünýä Kuds güni ýörişine salgylanyp, Beýik Homeýniniň süteme garşy we erkinlige çagyryşy, Yslam Rewolýusiýasyny söýýänleriň ýüreginiň çuňlugyna has çuňňur aralaşandyr diýip twit ýazdy.