Galibaf: Yslam ymmaty Kudsy azat etmek ideýasy bilen söwda etmeýär
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy, Bütindüýä Kuds gününiň şanly baýramçylygyna ünsi çekip, Yslam ymmatynyň Kudsy azat etmek ideýasynda söwda etmejekdigini we Kudsy azat etmek maksadyna ýetjekdigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, şenbe güni mejlisiň açyk oturşygynyň başynda Yslam ymmatynyň köçelere çykyp we Palestina azat ediş şygary aýdyp, sionist basybalyjylara garşy agzybirligini görkezendigini aýtmak bilen dünýäniň ähli adalat gözleýänlerine Sionist režiminiň tizlikde ýok ediljekdigini wada berdiler diýdi.
Eýranyň Mejlis başlygy palestina halkynyň göreldeli garşylygy bu giňden ýaýran oppozisiýa garşy sionist režimei ejizledi diýmek bilen bu mesele agalyk ediji ulgamyň bu galp režimiň syýasy durmuşyny kadalaşdyrmak ugrundaky ähli tagallalaryny täsir astynda alandygyny aýtdy.
Musulmanlar üçin ilkinji kybla bolan Al-Aqsa metjidiniň ýerleşýän Kuds şäheri, Palestinanyň aýrylmaz bölegidir we yslamyň iň möhüm üç mukaddes ýeriniň biridir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylmy we medeni guramasy (UNESKO) hem 2016-njy ýylda bir karary kabul etdi şonda ýewreýleriň Kudsdaky mukaddes ýerler, esasanam Al-Aqsa metjidi bilen taryhy, dini ýa-da medeni baglanyşygyny ret etdi we bu metjidi musulmanlar üçin mukaddes ýer hasaplady.